logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Şygyrlary kalba ýol salan akyldar
  02.03.2023
1081
Şygyrlary kalba ýol salan akyldar

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanşan dünýä belli ýazyjy-şahyrlar, alymlar onuň edebiýat äleminiň ägirdidigine göz ýetirýärler. Çünki şahyryň goşgulary ynsanyň gözýetimini giňeldýär, kalbyny gözelleşdirýär, aňynda öçmejek yz galdyrýar. Şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlary, halkyň bagtly, erkana durmuşda ýaşamagy hakyndaky arzuwlary, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmeleridir uly ösüşlerine beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda akyldar şahyra goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilendigine, eserlerini dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylýandygyna her birimiz buýsanmaga doly haklydyrys. Ajaýyp zamanada giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni-de ýurdumyzyň berkararlygynyň, il agzybirliginiň, akyldar şahyrymyzyň arzuwynyň hasyl bolandygynyň aýdyň güwäsidir.

Goý, akyldar şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekillerine sarpa goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýän, bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! 

 

Gürbangül SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.