logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sylaglanan türgenler öz ýürek buýsançlaryny beýan etdi
  08.04.2024
614
Sylaglanan türgenler öz ýürek buýsançlaryny beýan etdi

7-nji aprelda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda üstümizdäki ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Sylaglanan türgenleriň arasyndan Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Sabirow öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

 

 

- “Men Gazagystan döwletinde halkara ýaryşynda 1-nji orna mynasyp boldum. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sport gülleýär we gül açýar. Halkara ýaryşynda gazanan ýeňişim mynasybetli. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şa serpaýyňyz üçin müň kerem alkyşlar aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun”.