logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi
  21.12.2025
423
Sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň dürli ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurmaklygy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi.


Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar oňyn netijesini berýär.


Brifingde institutyň talyplary Ataýewa Dursunjemaly we Goçyýew Nurmuhammet bäsleşiklerde gazanan sepgitleri, taýýarlyk işleri barada çykyş etdiler. Duşuşykda ders bäsleşikleri boýunça sorag-jogap alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi.

 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Jeren AHMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.