logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Täç hil» hususy kärhanasy täze önümleri bilen sergä gatnaşar!
  28.02.2023
2089
«Täç hil» hususy kärhanasy täze önümleri bilen sergä gatnaşar!

«Täç hil» hususy kärhanasy Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly sergä uly taýýarlyk görýär. Şu mynasybetli hususy kärhana hyzmatdaşlaryny, önüm öndürijileri we ildeşlerimizi önümçilik we telekeçilik işi bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar.

Hususy kärhana barha golaýlaýan dabaraly sergide täze önümi bolan suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeleri bilen tanyşdyrar. Mundan başga-da «Täç hil» hususy kärhanasy serginiň dowamynda önümleriň aýratynlyklaryny düşündirmek, arzanladyşly we sowgatly satyşlary gurnamak ýaly çäreleri geçirmegi hem meýilleşdirýär.

Belläp geçsek, «Täç hil» hususy kärhanasy 2009-njy ýylda işe başlady. Kärhanada ilkibaşda dürli ölçegde we dürli görnüşde polietilen paketler öndürilýärdi. Polietilen paketlerden başlan önümçiligiň soňra gerimi has-da giňäp, häzirki wagtda kärhanada çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, antibakterial önümleriň we dürli ysly atyrlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Täç hil» hususy kärhanasy 2021-nji ýylda Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly sergide «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginiň «Ýylyň işewür senagatçysy» baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle hem bu hususy kärhanasy 2022-nji ýylda Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly sergide «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndüriji işewüri» baýragynyň eýesi boldy.