logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Tagamlaryň naýbaşy, dertlere derman unaş
  17.01.2023
2008
Tagamlaryň naýbaşy, dertlere derman unaş

Unaş — gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän tagam. Unaşy irki döwürlerde ene-mamalarymyz saglyga peýdaly tagam hökmünde ulanypdyrlar, ol häzirki günlerde hem şeýle. Unaş türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Mäşli, noýbaly, ajy burçly unaş iýen adam nähoşlap, dümewlän hem bolsa gowy derläp, dertden tiz gutulýar.

Türkmen unaşy sowuklamadan, dümewden tiz ýagdaýda gutulmagyň emidir. Şonuň üçin hem biri «dümewläpdirin» diýse: «Burçluja unaş iç-de birsalym basyrynyp ýat, derrew açylyp gidersiň» diýýärler. Bu diýilýäni ýoňlanyňy duýanyňdan etseň, başga däri-derman gerek däldir.

Unaş taýýarlanylanda ilki bilen onuň hamyry diňe suw bilen duzdan tutulyp, kähalatlarda ýekeje ýumurtga çakyp taýýarlanylýar. Hamyra duzuň ýeterlik goşulmagynyň sebäbi unaş gyzgyn çorba atylanda eräp gitmezligine oňyn täsirini ýetirýändigindedir. Saçaga äberilen taýýar unaşa gaýmak ýa-da süzme, ownujak dogralan gök otlar goşulsa, has-da tagamly, ýokumly bolýar. Şeýle-de nahara narpyz sepilse, gowy ys berýär.

Unaşyň iýmitlik we ýokumlylyk gymmaty tagam taýýarlanylanda onuň düzümine goşulan önümleriň düzümine baglydyr. Unaşa goşulýan gyzyl burçuň düzümindäki С witamini sitrus miwelerindäkiden-de köpdür. Burçuň düzüminde efir ýaglary, B1, B2, С, P witaminleri, kükürt, fosfor, kalsiý, demir, kremniý, hlor, kaliý, karotin, şeker, azotly maddalar, likopin bardyr. Unaş bedeni ýyladýar we açlygy gandyrýar.

Tenekar, melhem tagam bolan unaş her türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Onuň ýerem üýtgeşik, tagamam, jana şypa berijiligem aýratyn. Unaşy çalt-çaltdan iýmäge çalşyň! Çünki ol siňňitli nahar bolup, endama der berip, ähli dertleri ýok edýär. 

 

Zöhre GURBANGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.