logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Tagtabazar etrabynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirdiler
  17.06.2022
1276
Tagtabazar etrabynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirdiler

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň edermen gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup abraý bilen ýerine ýetirdiler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Tagtabazar etrabynyň edermen gallaçylary 7500 gektarda ýetişdirilen bugdaýdan 17300 tonnanyň ýerine, 17335 tonnadan geçirip bereketli hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Bu baradaky tabşyryk 100,33 göterim ýerine ýetirildi. Ortaça her gektardan alnan hasyl 23 sentnere barabar boldy.

Etrabyň «Marçak», «Saryýazy», «Azatlyk», «Ýaşlyk» daýhan birleşikleriniň daýhanlary bu zähmet üstünligini gazanmakda uly goşant goşdular.