logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Täjigistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler
  26.11.2022
959
Täjigistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, obasenagat toplumyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmeti üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 28-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Aralýaka sebitde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini nygtady. Munuň özi diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.