logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler
  02.04.2024
607
Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

Iki döwletiň arasynda özara peýdaly medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek we giňeltmek maksady bilen 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji apreli aralygynda Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler.


 

Maksatnama laýyklykda, Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň resmi açylşy we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti 3-nji aprelde sagat 16:00-da Sadriddin Aýni adyndaky Täjigistan döwlet akademiki opera we balet teatrynda geçiriler. Şeýle hem, Medeniýet günleriniň çäginde 4-nji aprelde Täjigistanyň Milli muzeýinde sagat 10:00-da Türkmenistanyň halk senetleriniň nusgalaryny we surat eserlerini özünde jemleýän sergi açylar.


 

Türkmenistanyň medeniýet günleriniň dowamy hökmünde 4-nji aprelde «Kohi Borbad» döwlet toplumynda Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki «Dostluk agşamy» konsert programmasy geçiriler.

 

 

5-nji aprelde Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Respublikanyň şäherlerine we sebitlerine baryp, tomaşaçylara medeni çykyşlaryny hödürlärler.

 

Güljemal OMAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň 
mugallymy.