logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Täjigistanyň Hatlon welaýatynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky orta mekdep gurlar
  08.09.2022
867
Täjigistanyň Hatlon welaýatynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky orta mekdep gurlar

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmasynyň esasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep gurlar. Şeýle hem Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýyy gurmak meýilleşdirilýär. Bu gurluşyklaryň taslamalaryny düzmek we alyp barmak baradaky halkara bäsleşik yglan edildi.

 

 

Belläp geçsek, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna 2014-nji ýylda Russiýanyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda Türkmenistanyň hususy gurluşyk kärhanasynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragy adyndaky 190 orunlyk döwrebap orta mekdep ulanmaga berlipdi.