logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Takmynan 40 milliard ýyldan 1 sekunt ýalňyşýan sagat döredildi
  06.04.2024
885
Takmynan 40 milliard ýyldan 1 sekunt ýalňyşýan sagat döredildi

ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetiniň alymlary 39,15 milliard ýylda bir sekunt ýitirýän sagat döredip, öňki dünýä rekordyny täzelediler. Sagat bir ölçegli gözenekde gulplanan 40 000 stronsiýa atom ulanylýan, optiki gözenekdäki gurluşdyr. Bu barada New scientist ýazýar.


 

Bu sagatdaky ýalňyşlygyň näderejede ujypsyzjadygyna düşünmek üçin 39,15 milliard ýylyň 13,8 milliard ýyllyk ýaşy bolan Älemiň barlygyndan, takmynan, üç esse köpdügini bellemek gerek. Bu sagat atom sagadynyň ornuny tutup, ol sekundyň täze kesgitlemesiniň esasynda hereket eder diýlip garaşylýar. Ol absolýut noldan ujypsyzja ýokary geçýän temperaturada işleýär.


 

Bu sagadyň “sesi” atomdaky elektronlaryň energiýa derejeleriniň arasyndaky geçişdir. Rekord takyklygyndan başga-da, täze sagat otnositellik täsirlere ýokary derejede duýgurdyr. Bu ony agyrlyk güýjüni takyk ölçemek, otnositelligiň  umumy teoriýasyny barlamak we netijede garaňky materiýany öwrenmek üçin iň oňat gural edýär.
 

Döwlet Merdanow,
Türkmen oba hojalyk
instituty
nyň talyby.