logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Tälimçi talybyň türgenleri
  03.11.2023
697
Tälimçi talybyň türgenleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmalar barha artýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly türkmen ýaşlary dünýä ýaryşlarynda özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezip, abraýly sylaglara eýe bolýarlar. Olaryň arasynda ýaşdygyna garamazdan ussatlyk derejesine ýetip, ýetginjeklere halypalyk edýän ýaşlar hem bar. Ata Watanymyzyň mukaddes tuguny dünýä giňişliginde belentde parladýan öňdebaryjy nesilleriň gazanýan şahsy üstünlikleri bilen bir hatarda, olaryň taýýarlaýan ýaşajyk türgenlerini synlamak guwanç duýgusyny döredýär. Bu zatlar bolsa eziz diýarymyzda halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň dowamat dowam tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

 

Şeýle ýaşlaryň biri hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Toýly Amangeldiýew. 

 

 

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda sportuň taekwondo WTF görnüşi boýunça 7-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden jemi 184 türgen gatnaşdy. 30 sany kategoriýany özünde jemlän bu ýaryşda Toýly Amangeldiýewiň taýýarlan şägirtleriniň 7 sanysy 1-nji ýere, 6 sanysy 2-nji ýere, 9 sanysy hem 3-nji ýere mynasyp boldular. Şeýle ýokary görkezijiler türkmen ýaşlarynyň watanymyzyň sport ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerinden ýerklikli peýdalanyp, gowy endikleri kemala getirýändiklerini görkezýär.

 

 

Biz hem türgenlerimize mundan beýläk-de sport äleminde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!