logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Talyp gözeller bäsleşdi
  23.02.2023
1234
Talyp gözeller bäsleşdi

Mälim bolşy ýaly golaýda, TMÝG-niň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de TZB-niň Merkezi geňeşi Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini yglan etdi.

Golaýda bu gözellik bäsleşigi Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda uly şowhun bilen geçirildi. Oňa institutyň başarjaň, ukyply, zehinli talyp gyzlarynyň altysy gatnaşdy. Bäsdeş gözeller türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan hormat-sarpany, özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň, goşgudyr gazallaryň üsti bilen wasp edip, sahnada özüňi alyp barmagy ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, olar Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan unaşy kesmekde, «Hünärim bar — hormatym bar» diýen atalar pähimine salgylanyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmekde çekeleşikli bäsleşdiler. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdan joşgunly aýdymlary, şirin owaza teşne ýürekleri gandyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýeňijiler belli boldy. TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy, eminler toparynyň başlygy Güljemal Nazarowa çykyş edip, bäsleşigiň üstünlikli geçendigini belledi. Soňra eminler toparynyň başlygy ýeňijileri buýsanç bilen atlandyrdy. Baş baýraga Aýgül Gurbanmyradowa, 1-nji orna Aýgül Kakabalowa, 2-nji orna Oguljeren Nazarowa, 3-nji orna Güljeren Orazgylyjowa, höweslendiriji baýraklara bolsa Ogulşat Gaşikowa we Mähri Batyrowa mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.