logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler
  27.06.2025
2046
Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ösüşli döwrümizde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekmek bagtyýarlykdyr.


Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Sungaty ykbal edinen ýaşlarymyz dürli ugurlarda ylham baýlygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerine goşant goşmaklyga bagyşlaýarlar. Olaryň döredijilikli zähmetini synlanyňda, türkmen edebiýatyna, medeniýetine we sungatyna uly geljegiň garaşýandygyna bolan ynamyň goşalanýar” diýen paýhasly jümleleri beýan edilýär.


Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda talyp ýaşlara ýokary bilim berilýär. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler taýýarlanyp ýetişdirilýär. Talyp ýaşlar sungatda alty ýyl bilim alyp, öwrenen hünärini ýerine ýetiren diplom işinde ylmy esasda açyp görkezýärler.


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda birnäçe günläp uçurymlaryň diplom gorag möwsümi örän gyzykly hem-de üstünlikli dowam etdi. Çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary bir ýylyň dowamynda taýýarlan nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn, amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik, şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti ugurlary boýunça täze diplom eserlerini synag toparynyň dykgatyna ýetirdiler. Birnäçe gün bäri dürli hünärler boýunça dowam eden diplom işleriniň açyk goraglaryna medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.


Uçurymlar Hajymuhammet Baýramowyň “Gulbaba”, Abdylysmaýyl Maşdyýewiň “Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep”, Kerim Soltanowyň “Şükür bagşy” atly uly göwrümli heýkel işleri, Enejan Öwezowanyň “Baý tebigatly ülkäm”, Çynar Daşgynowanyň “Törebeg hanym ýadygärligi”, Ogulnabat Kalaýewanyň “Änew sährasy”, Bezirgen Ataýewiň “Eziz Watanym” ýaly birnäçe şekilli haly eserleri, Isgender Annagulyýewiň we Süleýman Orazberdiýewiň “Keýikokara”, Hudaýýar Gylyçmyradowyň, Şatlyk Ekäýewiň, Amanmyrat Gurbanweliýewiň “Tawus guşy”, Baýramgül Hojaýewanyň, Didarmyrat Hallyýewiň, Çemen Käbeýewanyň “Sülgün guşy”, Döwletgeldi Myratgeldiýewiň “Bereketli türkmen saçagy” atly zergärçilik eserleri we başga-da birnäçe uçurymlaryň döredijilik taslamalary  synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Ondan başga-da uçurymlaryň ýerine ýetiren milli binagärlik alamatlaryny özünde jemleýän dürli maksatlar üçin niýetlenen binalaryň taslamalary ýokary derejede tapawutlandy.


Talyplar Suraý Ýazmyradowanyň “Türkmenistanyň heýkeltaraşlygynda sazandalaryň çeper keşbi”, Şirin Janekowanyň “Türkmen haly sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi”, Gurbanmyrat Rejepowyň “Aşgabat şäheriniň metjitleriniň binagärlik aýratynlyklary”, Laçyn Çaryýewanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi, külalçy Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijiliginde haşam çözgütleri”, Babamyrat Gurbanowyň “Dizaýn suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi”, Tawus Annadurdyýewanyň “Amanmyrat Modyýewiň döredijiliginde modernizm akymlarynyň şöhlelenişi”, Aýlar Hallyýewanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Muhammet Goçmyradowyň  döredijiligi”  atly sungaty öwreniş ylmy nazaryýetinden öwrenilen ylmy çykyşlary ýerine ýetirildi.


Türkmenistanyň dürli medeniýet we sungat edaralarynda zähmet çekýän görnükli şahsyýetler ylmy işlere baha berip, uçurymlaryň hödürlän täze tekliplerini goldadylar.

 

Gülälek Keroglyýewa,  
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy