Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ✦ ✦ Talyplar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde okuw tanyşlyk tejribeliginde ✦ ✦ Türkmenistan B5+1 formatyndaky halkara işewürlik forumyna gatnaşýar ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çap edildi ✦ ✦ YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar ✦ ✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Talyplar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde okuw tanyşlyk tejribeliginde
  05.02.2026
20
Talyplar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde okuw tanyşlyk tejribeliginde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlary ýagty ertirlere ruhlandyrýan, olaryň nurana geljegini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň her bir başlangyçlarynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar.

 

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp muzeýleriniň biri bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryna hem-de olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar bilen okuw tanyşlyk tejribeligi döwründe muzeýiň ýörite hünärmenleriniň tanyşdyrmagy esasynda gezelençler guralyp, muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşýarlar.

 

Okuw tanyşlyk tejribeliginde esasy maksatlaryň biri hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir. Geljekde talyplar ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykarmakdyr. Okuw tanyşlyk tejribeliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça dürli işleri ýerine ýetirmek bilen, muzeýiň berkidilen hünärmenleriniň, ussat halypalarynyň toplan iş tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa talyp ýaşlara öz saýlap alan hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.

 

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary muzeýiň bölümlerini, sergi zallaryny uly gyzyklanma bilen öwrenip okuw tanyşlyk tejribeligini geçýärler. Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak hünariniň talyplarynyň muzeýde dowam edýän okuw tanyşlyk tejribelikleri özleriniň okaýan hünärleri boýunça kämillige alyp barýan aýdyň ýoldur. Çünki muzeý işini, öwrenýän hünäri esasynda ýurdumyzyň medeni-mirasyny yzygiderli öwrenmegi, halkymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan baý mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmegi üstünligiň açary bolup durýar. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň kämilleşmegine we rowaçlanmagyna uly ýardam edýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Baky Bitarap ýurdumyzyň dünýädaki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu okuw mekdebiniň talyplarynda we mugallymlarynda uly buýsanç döredýär.

 

Bu gün ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzy muzeý işleriniň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Tawus ÖRÄÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň
“Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak”
hünäriniň mugallymy.