logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Talyplaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi
  20.03.2024
543
Talyplaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi saýty habar berýär.

 

 

Festiwalda ýaş şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada öz goşgularyny çeper okamagy, Magtymguly Pyragynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbiniň beýan edilmegi, akyldar şahyryň goşgularynyň labyzly, çeper okalmagy we olardan bir wakanyň sahnalaşdyrylmagy festiwalyň esasyny düzdi.

 

 

Döredijilik festiwalynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.