logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Taryhda bişirilen ilkinji nahar tapyldy
  19.11.2022
1191
Taryhda bişirilen ilkinji nahar tapyldy

Ysraýylly arheologlar gadymy adamlaryň otda bişiren ilkinji naharynyň galyndylaryny tapdylar. Arheologlar görnüşi ýitip giden bir sazan balygynyň galyndylaryny seljerip, onuň 780 müň ýyl mundan ozal orta derejedäki pessaý otda bişirilendigi baradaky netijä geldiler.

Oduň tapylmagy gadymy adamlarda, iýmitleri has aňsat siňdirmäge we olary has tagamly edip bişirmäge bolan düşünjäni döredipdir.

Arheologlaryň aýtmagyna görä, bişirilen balyklar, beýniniň ösmegine mümkinçilik beripdir. Olar otdan netijeli peýdalanmagy 1,7 million ýyl ozal öwrenipdirler.