logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Taryhy-medeni miras — watanymyzyň we halkymyzyň gymmatly baýlygy
  27.11.2023
771
Taryhy-medeni miras — watanymyzyň we halkymyzyň gymmatly baýlygy

Türkmen halkynyň täsin ruhy baýlygyny talabalaýyk gorap saklamak, hasaba almak hem-de baýlaşdyrmak bilen bir hatarda medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde diýarymyzyñ dürli künjeklerindäki muzeýler we kitaphanalar medeni ojaklar bolup durýar. Türkmenistanda gadymy siwilizasiýalaryñ taryhy ýadygärlikleriniñ ýüzlerçesi bar. Olaryñ hemmesi bu gün döwlet tarapyndan gorag astynda saklanylýar. Milli taryhy-medeni mirasyñ ýadygärlikleriniñ goralyp saklanylmagynyñ hukuk esasyny 2012-nji ýylda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyñ ýadygärliklerini gorap saklamak hakynda» atly Kanun düzýär.
 

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmatly medeni mirasyñ ähli görnüşlerini gorap saklamak üçin Türkmenistanda döwlet taryhy-medeni goraghanalaryñ 8-si döredildi. Olaryñ hataryna «Nusaý», «Abiwerd», «Gadymy Sarahs», «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Atamyrat» we «Gadymy Dehistan» goraghanalary girýär. Türkmenistanda döwletiñ milli medeni mirasy gorap saklamak baradaky syýasaty. Türkmenistanda döwletiň taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça alyp barýan syýasaty halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna hem mynasyp boldy. Muňa Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsindäki – Gadymy Merwiň (1999 ý.), Köneürgenjiň (2005 ý.) we Nusaýdaky parfiýan galasynyň (2007 ý.) ýadygärlikler toplumlarynyň Bütindünýä mirasynyň ÝUNESKO tarapyndan ýöredilýän sanawyna girizilmegi doly şaýatlyk edýär.

 

 

Milli mirasymyzy aýawly saklamak, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy gelejekki nesillerimize ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Joşgun Myratweliýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.