logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Taryhy ösüşleriň zamanasy
  10.10.2022
935
Taryhy ösüşleriň zamanasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan taryhy ösüşler bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň, bagtyýar halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Ajaýyp zamanada ýurdumyz syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, aýratyn hem, daşary syýasatda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi gazanmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan bu beýik işler ösüşleriň kuwwatly güýjüne, halkymyzyň ençeme asyrlap arzuw edip gelen gurmak we döretmek babatda belent maksatlarynyň hasyl bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara giňişliginde ýerine ýetirilen işler, gazanylan netijeler sanardan köpdür. Häzirki günlerde ata Watanymyzyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-logistika, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, «Aziýanyň merjeni» diýip at alan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir obalarymyzyň durkuny synlanlaryň her biri Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, bir döwlete gulluk edip, beýik işleri amala aşyrýandygyna aýdyň göz ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlary rowaçlyga beslenýär. Daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp geçmek gerek. Dünýä bileleşigi Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Munuň özi daşary döwletler bilen yzygiderli ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklarda aýdyň görünýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän we mähriban halkynyň bagtyýarlygy ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Oguljeren TAGANDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.