logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Taryhy waka: Asmanda 5 sany planeta duşuşýar!
  24.03.2023
1270
Taryhy waka: Asmanda 5 sany planeta duşuşýar!

25-30-njy Mart aralygynda boljak taryhy wakany sypdyrmaň. Oňa tomaşa ediň! 

Ýagny, Ýupiter, Merkuriý, Wenera, Uran we Mars 25-30-njy mart gijelerinde Aýyň gapdalynda ýaý görnüşinde birleşerler. Bir wagtyň özünde bäş planetany synlamak isleseňiz, käbir düzgünleri berjaý etmeli bolarsyňyz. Bu planetalaryň käbirini dürli sebitlerden ýönekeý göz bilen görüp bilersiňiz. Bu wakanyň indiki boljak senesi 2040-njy ýyl.

Uran we Merkuriý ýaly käbir planetalary görmek has kyn bolup biler. Munuň üçin şäherden uzakda we yşygyň az ýerini saýlamak maslahat berilýär. Şeýle-de bolsa käbir sebitlerde planetalaryň duşuşygyny görmek üçin dürbi ýa-da teleskop gerek bolar.

Planetalaryň duşuşygynyň takyk wagtyny kesgitlemek üçin «Sky Tonight» ýa-da «SkySafari» ýaly astronomiýa programmalaryndan peýdalanylyp bilner. Bu programmalar her bir planetanyň gijeki asmanda nirededigini takyk we anyk görkezmäge ýardam berer.

Belläp geçsek, Gyzyl planeta bolan Marsa 25-27-nji mart aralygynda günorta-günbatar asmanda ýarym aýyň ýokarsynda we çep tarapynda, 28-nji martda Aýyň ýokarsynda we aşagynda açyk görner. 

 

Pirguly ÝALKAPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.