logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Taryhy waka: Aý Ýere juda ýakynlaşdy!
  23.01.2023
996
Taryhy waka: Aý Ýere juda ýakynlaşdy!

Astrofizik Graham Jones we onuň topary Aý hakda ajaýyp beýanat berdiler. Beýanatda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda, Aýyň Ýere has uzak wagtdan bäri iň golaý aralyga çenli ýakynlaşandygy mälim edilýär. Bu hadysa soňky gezek 1337-nji ýylda bolupdy.

Emeli hemramyz bolan Aý bize has golaýlaşyp 356,568 kilometre çenli ýakynlaşdy. Aýyň Ýerden ortaça uzaklygy 405,000 kilometr bolup durýar. Sözüň doly manysynda Aý Ýere ortaça takmynan 50,000 kilometre çenli ýakynlaşdy.

Astrofizik Graham Jones we onuň topary bu möhüm wakanyň dogrulygyny tassyklamak üçin Kaliforniýa Tehnologiýa Instituty tarapyndan döredilen «DE431» maglumat bazasyndan peýdalandylar. Hünärmenler, Aýyň geçmişini we geljekki 2000 ýyllyk traýektoriýasyny seljermek üçin bu maglumatlar bazasyndan peýdalanyp, Aýyň Ýere has golaýlaşjak 3 senesini anykladylar. Bu tebigy hadysa indi  2368-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda bolar.

Belläp geçsek, Ýaponiýanyň kosmos gözleg gullugy (JAXA) birnäçe ýyl mundan ozal Aýyň Ýerden uzaklaşýandygyny mälim etdi. Beýanata görä, Aý milliardlarça ýyl ozal Ýere 16 esse ýakyn bolupdyr. 

 

Alparslan HUDAÝBERDIÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.