Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Taryhy we medeni mirasymyz milli buýsanjymyz”
  15.03.2024
299
“Taryhy we medeni mirasymyz milli buýsanjymyz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe millilik ýörelgelerimiz, milli sungatymyz täze röwşe eýe bolup, bagtyýar ýaşlarymyz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Bu bolsa türkmen halkymyzyň baý geçmiş mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň has kämilleşmegine, has baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Bu ugurda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek maksady bilen köp sanly sergidir bäsleşikleri, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirilip, zehinli, başarjaň ýaşlaryň köp sanlysy ýüze çykarylýar.

 

 

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän we sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, mekdep okuwçylarynyň döredijilige we sungata bolan höweslerini has-da artdyrmak, ýaşlara milli halk döredijiliginiň, edebi we medeni mirasynyň çeşmelerinden peýdalanmaklaryny yzygiderli öwretmek boýunça çäreleri guramak hem-de “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, türkmen halkynyň geçmişde dünýä medeniýetiniň ösüşine goşandy barada maglumatlary ýaşlara ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň “Taryhy we medeni mirasymyz milli buýsanjymyz” atly şygar astynda mekdep okuwçylarynyň arasynda gezelenç çäresini geçirdi. Akdepe etrabynyň Andalyp şäher merkezi kitaphanasynda geçirilen bu gezelenç çäre etrabyň 38-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu çäre geçmiş taryha nazar aýlasaň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşandygyny, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyr-namalarynyň halkyň kalbyna ornaşyp, diňe bir kitaplarda däl, eýsem halkyň ýüreginde, aňynda orun alandygyny görýärsiň. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen nakyllaryň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr. Çünki akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýürekde baky öçmejek mukaddeslikdir.

 

 

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň geçmişde yz galdyran şahsyýetlerimiziň ýazan eserdir goşgylaryny halkymyza ýetirmekde alyp barýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun sözlerini aýtdylar.

 

 

Şamyrat NAZAROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.