logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Taryhy ýadygärlikler
  20.01.2022
1318
Taryhy ýadygärlikler

Bellenilişi ýaly, Türkmen halkynyň gadymy hem baý taryhy bar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda ylymda-bilimde we medeniýetde deňi taýy bolmadyk döwletleri gurupdyrlar. Bu döwletlere binagärçilik sungatyna hem uly üns berilipdir. Mysal üçin, Seljuk şalary öz huzurlaryna dünýäniň iň ökde binagärlerini we arhitektorlaryny ýygnapdyrlar.

Haçanda Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleri synlanyňda, olaryň biziň günlerimize çenli nähili saklanyp galandygyna haýran galýarsyň. Müň ýylyň şaýady bolup duran bu ýadygärlikleriň her bir daşynda ata-babalarymyzyň elleriniň yzlaryny görmek bolýar. Bu binalaryň diwarlaryna gulagyňy tutup diň salanyňda Çynmaçyndan gelip Arabystana barýan söwda kerwenleriniň, “Watan üçin” diýip ata atlanan gerçek-goç ýigitleriň seslerini duýmak bolýar.

Neşir edilen “Türmenistan beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda biziň taryhy ýadygärliklerimiz, olaryň binagärçilik aýratynlyklary we taryhy barada gymmatly maglumatlar bar.

Biziň taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmek hem-de gorap saklamak biziň her birimiziň ata-babalarymyzdan galan borjumyzdyr.

 

 

Her bir daşy mirasydyr pederleň,

Goraň siz Watany, horlamaň ony.

Bu ýer ýurdy däldir ýalta gedemleň,

Goraň siz Watany, horlamaň ony.

 

Bagym tozdurmasyn sergezdan ýeller,

Şadyýan saýrasyn guşlar, bilbiller,

Göroglynyň nesli gerçek ogullar,

Goraň siz Watany, horlamaň ony.

 

Bu topraklar soňsuz syrly bir kitap,

Heý-de bu döwürde bolarmy ýadap!

Eziz Watanymyzyň ynamyn ödäp,

Goraň siz Watany, horlamaň ony