logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tarypa mynasyp alabaýlar
  21.09.2021
879
Tarypa mynasyp alabaýlar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde “Türkmen alabaý” tohum itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda “Döwletli türkmen öýleriniň gapysynda häli-häzirlerem alabaý ýassanyp ýatandyr. Ýogsam, bu döwürde onuň öý garawullamak wezipesi öňküler ýaly şeýle wajyp hem däldir. Alabaý welin, edil: “Owalam kowumyňy wepaly gorandyryn, ýene-de arkaýyn bol, sak duraryn” diýýän ýaly belleýär. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda türkmen bedewiniň milli baýramy we türkmen alabaýynyň baýramy bellenilen günlerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Türkmenistanyň DSG-nyň çagyryş boýunça harby gullukçysy seržant Myradow Rejepmyrat Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açaryna, ýörite medala, göçme kuboga we diploma mynasyp boldy.