logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /“Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler
  18.03.2026
419
“Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler

Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2026-njy ýylyň 25–26-njy martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerini dolandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler.

 

Forum suw ýetmezçiliginiň barha güýçlenýän şertlerinde suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça pikir alyşmak maksady bilen hökümetleriň wekillerini, halkara guramalary, bilermenleri hem-de suw hojalygy ulgamynda işleýän hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada forumyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

 

Bu platforma dürli ýurtlardan gatnaşýan hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga, täze tehnologiki çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri ösdürmäge mümkinçilik döreder.

 

Forumyň esasy temasy “Suw serişdelerini dolandyrmakda tehnologiýalar we innowasiýalar: Merkezi Aziýa we dünýä suw aýlawy” bolup, onuň çäklerinde ýokary derejeli plenar mejlisler hem-de durnukly ösüş, serhetara suw hyzmatdaşlygy we suw ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çekişmeler geçiriler.

 

Mundan başga-da, bilermenler suw serişdeleriniň ulanylyşyny döwletleriň arasynda utgaşdyrmak, oba hojalygynyň ösüşi, suw üpjünçiligi ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de suw hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşarlar.

 

Tumar BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.