logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Täsin dünýäniň täsirli faktlary
  12.05.2022
2949
Täsin dünýäniň täsirli faktlary

  • Arahis dinamit önümçiliginde peýdalanylýar.
  • Dünýäde iň çalt gürleýänler fransuzlardyr. Ýaponlar minutda 310 söz, iňlisler 210 söz, nemesler 200 söz aýdýan bolsa, fransuzlarda bu görkeziji 350 söze deňdir.
  • Adamyň böwreginde toplanýan daşlaryň şu wagta çenli ýüze çykarylan iň ulusynyň agramy 1,36 kg deňdir.
  • 1979-njy ýylda Pensilwaniýada doglan ekiz çagalara Pepsi we Kola diýip at goýupdyrlar.
  • Erkekler zenanlara seredende dowamly, gaty we ýygy-ýygydan gülýärler.
  • Mör-möjekler ýylda ekinleriň hasylynyň 25-30 göterimini ýok edýärler.
  • Kolibri guşy ýeke-täk öňe, yza we gapdala uçup bilýän guşdur.
  • XVI asyrda Filippinlerde oýnawaçlar ýaraglara çalymdaş bolupdyr.
  • Bir balary maşgalasy bir möwsümde 150 kg bal öndürip bilýär.
  • Hokkeý şaýbasynyň tizligi sagatda 160 km çenli ýetip bilýär.
  • Ilkinji süýtli şokolad şweýsariýaly Genri Nestle tarapyndan taýýarlanylypdyr.
  • Adamyň nerw impulsynyň iň ýokary tizligi sekuntda 90 metre çenli ýetip bilýär.
  • Akulalar 30-40 ýyl çenli ýaşamaga ukyplydyr.
  • Adamyň nerw süýümleriniň jemi uzynlygy ortaça 75 km deňdir.
  • Şokoladyň tagamynyň emele gelmegine 500 madda gatnaşýar.
  • Gök gözli adamlar dürli agyry-ynjylara beýleki adamlara seredende duýgur bolýarlar.
  • Ulitkalar 3 ýyla çenli uklamaga ukyplydyr.
  • Dünýä ýüzünde dogulýan çagalaryň agramly bölegi gök gözlüdir.
  • Möýleriň käbir görnüşleri her gün ir bilen öz kerebini iýýärler we ony ýene täzeden emele getirýärler.
  • Bir balary öz ömründe ortaça bir çaý çemçesiniň 1/12 bölegine deň bal öndürýär.
  • Öý totyguşlary şokolad we awokadodan başga islendik iýmiti iýýärler.
  • Koalalar köplenç günüň 22 sagadyny uklap geçirýärler.

Daýanç MAHMUDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.