logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Täsin gibrid ösümlik – pomidofel
  15.10.2022
1203
Täsin gibrid ösümlik – pomidofel

Dünýä ylmy mydama täzeçilligiň, täsinligiň, ylmy açyşlaryň gözleginde. Ylmyň gazanan netijeleriniň, ýeten derejesiniň, üstünlikleriniň sanasaň sogaby bar. Iňlis almylarynyň döreden täsin gibrid ösümligi hem täsinligi bilen mälimdir. Ol pomidofel gibridi bolup, ady hem pomidor hem-de kartofel sözleriniň iňlisçe adyndan gelip çykandyr, ýagny «TomTato» (tomato – pomidor, potato – kartofel).

Angliýanyň meşhur «Tomson-Morgan» bagbançylyk kompaniýasy ençeme ýyl bäri şeýle ösümlik gibridlerini döredip gelýär. Pomidofel ýer almasy, ýagny kartoşka bilen pomidordan alnan gibrid ösümlik bolup, ony almak üçin dört ýyl gerek boldy. Pomidofel esasan hem ýylylygy kadaly derejede saklanýan şertlerde ösdürilýär. Ekilenden 7-10 günüň dowamynda şitilini göçürip oturtmak bolýar. Ony otag şertlerinde hem ösdürmek bolýar. Onuň üçin azyndan agramy 30-40 kg, diametri 50 sm bolan ýörite gaplar zerurdyr.

Pomidofeliň esasy aýratynlygy-da onda emele gelýän pomidory we ýer almany deň wagtda ýygnamaklyk mümkin. Baldagynyň boýy 1 metre çenli ösüp bilýär. Adaty pomidordan we ýer almadan tapawutlylykda pomidofel hoşboý yslydyr, miweleri-de lezzetlidir. Açyk meýdan şertleri bilen deňeşdirilende pomidofel ýyladyşhana şertlerinde has-da gowy netijeleri berýär. Çünki ýapyk ekerançylyk ulgamynda pomidofel üçin zerur bolan şertleriň ählisini  döredip bolýar.

 

Babajan ABDULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.