logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Täsin it tohumy: «Pomeranian»
  17.01.2023
1523
Täsin it tohumy: «Pomeranian»

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäde itleriň birnäçe tohumlar bar. Olardan  «Pomeranian» tohum itleri aýyny ýadyňy salýan täsin  keşbi bilen tapawutlanýar. Bu kiçijik öý haýwanlary mahmal aýyjygy ýatladýar. Olar daşky keşbi bilen ähli adamlaryň ünsini özüne çekmegi başarýar. Bu täsin itler mylaýym häsiýetli, daşky keşbi göze ýakymly bolup, öz hojaýynyna wepaly itler hasaplanylýar.

«Pomeranian» tohum itleriniň agramy 3 kg barabardyr. Olaryň uly bolmadyk boýlary bolup, gerşiniň uzynlygy 22 sm-e deňdir.  Bedeni adaty bolmadyk owadan tüý örtügi bilen örtülen bolýar. «Pomeranian»-laryň üçburç gulaklary, özüne çekiji ýüzleri we ýumşajyk ýüňleri bar.

«Pomeranian» tohum itlerine gysga wagtyň dowamynda gerekli buýruklary ýeňillik bilen öwretmek bolýar. Bu itler yzygider üýrýär. Şonuň üçin hem olara ilki bilen «Ýuwaş!» bolmak buýrugyny öwredýärler.

«Pomeranian»-lar we beýleki aýa meňzeş öý itleri, gujurly häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Olar oýnamagy we gaçmany gowy görýärler. Umuman aýdylanda öý eýeleri bu tohum itlerine tiz wagtda öwrenişýär. Bu itler talabalaýyk terbiýelenen ýagdaýynda öýe giren howply adamlardan çekinmeýärler we öýi taşlap gitmeýärler.

«Pomeranian» tohum itleri çagalaryň söýgüli öý haýwanyna öwrülip bilýär. Bu itler dünýäniň köp ýurtlarynda ýygy-ýygydan sirklerde geçirilýän oýunlarda hem giňden peýdalanylýar. Bu itler gezelenç etmegi halaýarlar. 

«Pomeranian» tohum itlerine gözegçilik etmek şeýle yzygiderlilikde ýerine ýetirmek bolýar: 

1. Hepdäniň dowamynda 2 gezek ýüňüni daramak. Eger-de bu düzgün yzygiderli ýerine ýetirilmese, olar ýüňüni dökýärler;

2. Dyrnaklaryny kesip aýyrmak zerurdyr;

3. Üç aýyň dowamynda suwa düşürmek gerek bolýar;

4. Mylaýym suwda çyglanan hasa bilen gözlerini arassalap durmaly;

5. Bu itler öýde ýörite it saklanýan kiçijik kapasada saklanylmaly;

6. Talap edilýän iýmitlendiriş düzgünini berjaý etmeli. Olara süýji önümlerini bermek bolmaýar. Gezelenç edeninden soňra iýmit bermek oňaýly hasaplanýar. Günüň dowamynda 4 gezek iýmitlendirmeli.

 

Enebaý ANNALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby