logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Täsin künjege syýahat
  12.07.2019
1668
Täsin künjege syýahat

    Welaýatyň çägindäki orta mekdeplerde okuwçy ýaşlaryň tomusky dynç alyş möwsümi üçin döredilen sagaldyş meýdança çagalaryň onlarçasy gatnap, wagtyny şadyýanlykda geçirýär. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ol ýerde bolup, ýaş nesliň arasynda dürli mazmunly çäreleri guraýar. Tebigatyň gözel we täsin künjeklerine guralýan syýahatlar  olarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. 

     Ýakynda welaýatyň çägindäki “Köwata” ýerasty kölüne guralan syýahat şeýle çäreleriň biri boldy. TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň wekilleri çagalara Köpetdagyň jana şypa beriji gözel ýerinde ýerleşýän ýerasty köl hakynda täsirli gürrüň berdiler. Ol ýokary Ýura döwründe ýer gabygynyň gatlamasy esasynda Köw dag gerşinde emele gelen gowakdyr. Kölüň suwunyň ýylylygy ýylyň bütin dowamynda 33-den 38 derejä deňdir. Häzirki döwürde onuň aşaky gatlagy özi çykýan tebigy suwdan doludyr. Ýerasty kölüň suwunda kesel bejeriş häsiýetli kükürt, ýod, magniý, kaliý, natriý, sulfat, alýuminiý, brom, demir ýaly elementler bar.

    Täsin ýerasty köl hakyndaky gürrüňler çagalarda uly täsir döretdi. Olar çäksiz bilesigelijilik bilen ýerasty köle aýlandylar, ony synladylar.