logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Täsin  suwasty restoran
  26.04.2023
1335
Täsin  suwasty restoran

2005-nji ýylda Rangal  adasyndaky «Conrad Maldives Rangali Island» myhmanhanasynda diňe bir  Maldawiýa üçin däl, eýsem bütin dünýä boýunça ilkinji suwasty restoran açyldy. Ol restoran «Ihtaa» diýip atlandyryldy. Maldaw dilinde terjime edilende «Hazyna» diýmekligi aňladýar.

Restoran birnäçe korollaryň we suw ýaşaýjylarynyň  köpçülikleýin ýaşaýan ýerinde, 5 metr çuňlukda  ýerleşýär. Suw ýaşaýjylaryndan pyşdyl, balyklaryň dürli görnüşleri, hat-da ýyrtyjy  balyklar hem köpçülikleýin duş gelýär.

«Ihtaa»-nyň zaly 14 adamlyk üçin niýetlenendir, onda ýewropa  tagamlary taýýarlanýar. Restoran  günortan we agşamlyk  işleýär, 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň köpçüligi günortan wagty barýarlar.

«Ihtaa» diňe bir naharlanmak üçin däl, toý we beýleki ýubileý agşamlaryny geçirmek üçin hem niýetlenendir. 2010-njy ýylda onuň durky täzelendi. 2014-nji ýylda «New York Daily News» gazetinde «Iň owadan restoran» ady bilen çapdan çykdy. 

 

Aýgözel ANNASAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.