logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Täsin turp hakynda..
  23.12.2022
1224
Täsin turp hakynda..

Turpuň özboluşly görnüşi bolan bu täsin turpa «garpyz turpy» hem diýilýär. Ol gibrid ösümlik bolup, diametri 7-8 sm deňdir. Adaty turpdan şiresiniň mukdary boýunça biraz pesligi bilen, şeýle-de içki reňki boýunça tapawutlanýar. Garpyz turpy diýilmeginiň sebäbi-de içki gyzylymtyl reňki bilen baglanyşyklydyr. Düzüminde gorçisa ýagynyň saklanýandygy üçin tagamy turşumtykdyr. Düzümi boýunça B witaminler toparyna, PP, C witaminlerine, foliý turşusyna baýdyr. Şeýle hem aminokislotalar, işjeň fermentler, beloklar, şeker saklanýar. Minerallardan bolsa kalsiý, ftor, fosfor, demir, kaliý, magniý duzlary toplanandyr. Şeýle-de onda berhizlik süýüm maddalary köp saklanýar. Bu turp terligine, gaplanan görnüşde peýdalanylýar. Onuň özüne çekiji reňki dürli içgilerde, işdäaçarlarda bezeg hökmünde ulanylýar.

Garpyz turpy ösdürilip ýetişdirilende onuň topragy bitarap reaksiýaly, biraz kislotaly çägesöw hem ýeňil toprakly bolmagy gowy netije berýär. Dökün hökmünde her inedördül metrine 3-4 kg gumus, 15-20 gr fosfor dökünleri, 20 gr kaliý dökünleri ulanylýar, soňra bolsa torf hem-de agaç gabyklary bilen garylýar.

Tohumlary sowuga çydamly bolup, -3-4 dereje sowukda hem sowuk urmaýar. Güneşli howada 22-24 dereje ýylylykda gowy ösýär, ol çyglylyga talapkärdir. Onuň ösüş döwri adaty turpuňkydan gysgalygy bilen hem tapawutlanyp, ol 65-75 güne deňdir. Tohumlarynyň ekiş çuňlugy 2 sm deň.  Daşy ýaşylymtyl, içi gyzylymtyl reňkli, gowy ysly bolan bu turpuň miwesiniň agramy 100-220 gram töweregidir. Kemçilikli tarapy hem kömelek kesellerine çydamsyzlygy bolup durýar. Gibrid ösümlik bolanlygyna garamazdan, garpyz turpy içki özüne çekiji reňki bilen köp ulanylýan azyklyk ösümlikleriň biri bolmagynda galýar. 

 

Mawlýuda MAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.