logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Täsin ýygyndylar ýa-da kolleksiýalar
  06.02.2023
1705
Täsin ýygyndylar ýa-da kolleksiýalar

Durmuşda her kim diýen ýaly boş wagtyny nämedir bir zat üçin sarp edýär. Statistiki maglumatlara görä, islendik ýurduň ilatynyň 20%-den gowragy dürli zatlary ýygnamak bilen meşgullanýar. Mysal üçin, Russiýada ýygnaýjylar ýagny kollektorlar ilatyň 37%-ni eýeleýär. Kollektorlar bolsa stres we depressiýa has az ýykgyn edýärler. Ýer togalagynyň ýaşaýjylary dürli zatlary ýygnaýarlar we şol ýygyndylary hem olar üçin durmuşyň esasy manysy bolup çykyş edýär. Täsin ýeri, käbir adamlar munuň üçin köp mukdarda pul serişdelerini hem harçlaýar. Kollektorlar esasan hem gymmatly, taryhy ähmiýeti ýygyndylary toplaýarlar we öz ýygyndysyny dürli maksat üçin ulanýarlar.

Mundan başga-da, bu iş bilen meşgullanýanlar, adatça baý adamlar bolýar. Hünärmenleriň pikiriçe, seýrek duş gelýän 1-2% bar bolsa, kolleksiýa doly hasaplanýar. Kolleksiýa ýygnamagyň iň esasy görnüşi gadymy zatlary ýygnamakdyr. Bütin dünýäde millionlarça adam bu işi etmäge, kolleksiýa ýygnamaga höweslidir. Ýygnaýan zadynyň görnüşine ol adamlar dürlüçe atlandyrylýar. Mysal üçin, numizmatler teňňe ýygnaýarlar, faleristler baýrak ýygnaýarlar, filatelistler bolsa brend, marka we möhür ýygnaýarlar. Praganyň ýaşaýjysy P.Gaýniniň kolleksiýasynda açarlar, yşyklandyryjylar, teňňeler, aýakgaplar we ş.m. bar.

1957-nji ýylda daniýaly daýhan Hansen dünýäde ilkinji bolup ýelek muzeýini açdy. Onuň bu höwesi çagalykda guşlardan ýelek ýygnanda başlandy. Soň Hansen bu iş bilen giňişleýin meşgullanmaga başlady we oňa dünýäniň dürli künjeklerinden adaty bolmadyk eksponatlar iberildi.

30 ýyldan gowrak wagt bäri mekdepde zähmet çeken russiýaly bir mugallym işlän döwründe özboluşly ýygyndyny ýygnamagy başardy, ýagny onuň kolleksiýasy okuwçylaryň 6000-den gowrak göçürmek üçin ulanan kagyzjyklary (şpargalkalary) bolup durýar.

Germaniýaly zenan B.Dorfmanyň öýünde 6000-den gowrak «Barbie» gurjagy bar.

Russiýaly kollektor A. Lutkowskiý içinde «dogry» (правда) sözi bilen gazet ýygnaýar. Onuň ýygyndysynda dünýäniň dürli künjeklerinden 800-den gowrak gazet bar.

ABŞ-ly Bekki Marts bananyň ýüzündäki ýazgylary ýygnaýar. Ýygyndyda 7000-den gowrak ýazgylar bar.

Germaniýaly zenan A.Unfergau 137 ýurtdan toplanan 168 700 sany syýa galamyny ýygnady.

ABŞ-nyň Miçigan ştatyndan diş lukmany Kolpakow 1800 töweregi diş pastasynyň ýygyndysyny ýygnady.

Kollektor Jon Resnikoff meşhurlaryň saçyny seresaplylyk bilen saklaýar. Onuň ýygyndysynda Abraham Linkoln, Albert Einşteýn we Merilin Monro ýaly meşhurlaryň saçy bar. Saçyň hakykylygy hem resmileşdirildi.

Norwegiýanyň ýaşaýjysy Kari Hansen köp ýyl bäri deňiz tolkunlary bilen kenarda toplanýan zatlary ýygnaýar. Kolleksiýanyň esasy bezegi takmynan ýaşy 2500 ýyllyk bolan bürünç monjukdyr. 

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.