logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
  04.07.2020
810
TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

        TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşi, etrap Bilim bölümi we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny we maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmak maksady bilen çagalar bagynyň terbiýeçileriniň arasynda ,,Terbiýe maşgaladan başlanýar” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.        

        Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanlyýan üstünlikler şeýle-de ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakda edilýän aladalar barada giňişleýin belläp geçdiler.