Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täsirli geçen ylmy maslahat
  07.10.2022
620
Täsirli geçen ylmy maslahat

Bu günki gün Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bütin adamzat ähmiýetli işleriň  aýrylmaz bir böleginiň ylym-bilim ulgamyna degişli bolmagy ýurdumyzyň ýaş nesline, onuň bilim terbiýesine ägirt uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

Bu ugurda  ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan umumy, amaly, tejribe sapaklarynyň hilini kämilleşdirmek, degişli döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamak, şeýlede internet ulgamyndan netijeli peýdalanyp oba hojalyga degişli dürli täze maglumatlary almak mümkinçiligi talyp ýaşlarymyzyň ýörite ylmy işleri alyp barmagyna, dünýäniň ösen döwletleriniň oba hojalyk ylmyny öwrenmäge, olar bilen tejribe alyşmaga ýakyndan ýardam edýär.

Şu nukdaýnazardan çen tutsak, her hepdäniň şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän daýhanlardyr-telekeçileriň, professor mugallymlaryň şeýle-de isleg bildirýän myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatyň  geçirilmegi eýýam däbe öwrüldi. Bu gezekki geçirilen maslahatyň temasy çomuç ösümligi bolup, ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu täsin ösümlik we ony ylmy taýdan giňişleýin öwrenmek boýunça pikirlerini paýlaşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň maglumatlaryna görä çomuç ösümliginiň ýer ýüzünde jemi 170-den gowrak görnüşi belli bolup, şolaryň 50-den gowrak görnüşi biziň güneşli ýurdumyzda duş gelýär. Suwsuzlyga uýgunlaşan bu ösümligiň baldagy we şiresi dermanlyk we iýmitlik hökmünde giňden peýdalanylýar. Esasan hem dagdaky çomujyň şiresi has köp we gymmat bahaly hasaplanylýar. Çomujyň şiresi 1, 2, 3 hili bolup, ýurdumyzyň gündogar Köýtendag sebitlerinde duşýan Köýtendag, Surhanderýa görnüşlerinden 1-nji hili önümi almak bolýar. Her gektar ýerde jemi 30 müň baş çomuç ösümligini ösdürip ýetişdirmek mümkindir. Ekilenden soň bu ösümlik suw talap etmeýär, güýz aýlarynda ýere tohumy sepilip, aprel-maý aýlarynda bolsa hasyly ýygnalýar. Hindistan, Päkistan, Hytaý ýaly ýurtlarda bu ösümligiň baldagyny iýmitlik hökmünde peýdalanýarlar, onuň dermanlyk häsiýeti bolsa biziň halk lukmançylygymyzda aşgazan-içege kesellerinde we beýleki keselleri bejermekde giňden bellidir.

 

Maýa AMANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň müdiri.