logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Täsirli hoşallyk duşuşygy
  28.03.2021
642
Täsirli hoşallyk duşuşygy

      Ýurdymyzyň sport abraýy barha arşa galýar. Muňa mysal edip 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýnça Dünýä çempionatynda 45 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan şol agram derejesindäki türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýip ykrar edilmegi milli Lidermiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça öňde goýulan maksatlaryň nobatdaky subutnamasydyr.   

     Bu ajaýyp ýeňişi has-da dabaralandyrmak hem-de türkmen türgenleriniň gazanan üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen,    2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesinde dünýä çempiony türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň gaýtarylyp berlen Altyn medalynyň gowşuryş dabarasy geçirildi.

      Geçirilen bu dabara gatnaşan Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda, halkymyzyň, esasanda ýaşlaryň saglyk ýagdaýynyň ýokarlanmagyny gazanmak, Watanmyzyň sport abraýynyň has-da belende göterilmegini üpjün etmek üçin zerur tagallalar edilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ugur alyp, Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda okap, tälim alýan okuwçy-türgenleriň arasynda Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň Altyn medalynyň eýýesi Ýulduz Jumabaýewanyň gazanan üstünligini hem-de milli Lidermiziň halkymyzyň, esasanda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe we sport ösdürmek babatynda edýän atalyk aladalaryny wagyz etmek maksady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi.

       Hoşallyk masalahatynda geçirilen Halkara ýaryşlary we ýaryşlarda gazanylan üstünlikleri, Agyr atletika sportunyň adam saglygyna ýetirýän täsiri, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda edýän atalyk aladalary, sport we doping temalary boýunça düşündiriş işleri geçirildi.