logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Tatarystanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen geldi
  24.04.2022
753
Tatarystanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen geldi

Şu gün, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýurdumyza sapar bilen geldi.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini türkmen döwletiniň Baştutany mähirli kabul etdi. Rustam Minnihanow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gepleşikleri geçirdiler.