logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tatarystanyň Prezidentine sowgat berilen türkmen alabaý iti bir ýaşady
  04.04.2022
1382
Tatarystanyň Prezidentine sowgat berilen türkmen alabaý iti bir ýaşady

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýazynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Türkmen alabaýynyň güjüjegini sowgat beripdi. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow sowgat berilen Türkmen alabaý itine Akdus adyny dakypdy. «Akdus» terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Ýakynda,  Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Akdus atly türkmen alabaýy bilen düşen wideosyny sosial jemgyýetçilik torunda paýlaşdy.

Minnihanow: «Eýýäm bir ýyl ýaşady! Çalt ulalýar. Bu gün Akdusyň doglan güni» diýip, belläp geçdi.