logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Taýýarlyk göwnejaý alnyp barylýar
  06.05.2020
822
Taýýarlyk göwnejaý alnyp barylýar

        Tejen etrabynda galla oragyna taýýarlyk işleri ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar. Bu iş bilen baglanşykly tehnikalaryň guratlygyna aýratyn üns berilýär. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda däne orujy kombaýynlaryň 107-ni şu galla oragy möwsüminde işletmek göz öňünde tutulýar. Olaryň 57-si “JON DERR” we 50-si “Klass” kysymly däne orujy kombaýynlardyr.

        Mundan başga-da etrap möçberinde gallaly meýdanlarynda ýygyljak galla hasylyny daşamak barada hem uly aladalar edilýär. Munuň bilen baglanşykly döwlet edaralaryndaky, hususy kärhanalardaky, şeýle hem hususy awtoulaglaryň sürüjileri bilen ýörte şertnamalar baglanyşýarlar. Şol bir wagtyň özünde bolsa ekinara ýollarynda abatlaýyş-bejergi işlerini alyp barýarlar.

        Etrap häkimliginiň galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanşykly, oňa gatnaşyjylara medeni-durmuş şertlerini ýola goýmak, tehnikalara iş üstünde tejribeli ussalar tarapyndan hem hyzmat etmek işlerine hem aýratyn orun berilýär.