Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Täze açylan asteroid 2046-njy ýylda Ýere gaçyp biler!
  15.03.2023
938
Täze açylan asteroid 2046-njy ýylda Ýere gaçyp biler!

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan «NASA»-nyň resmileri golaýda täze asteroidi açdylar. Bu asteroid 20 ýyldan soň ýagny 2046-njy ýylda dünýäde bellenilýän Söýgüliler gününde Ýere gaçar diýlip çaklanylýar. Älem giňişligini öwrenijiler howply asteroidiň Ýere gaçmak ähtimallygyny 600-de 1 hökmünde belleýärler.

«2023 DW» diýlip atlandyrylýan asteroid, takmynan 50 metr diametri bolan Olimpiýa basseýniniň ululygyndadyr. Adaty töwekgelçilik derejesinden has ýokarydygyny mälim eden NASA täze açylan asteroid baradaky näbellilikleri azaltmak we orbitalaryny takyk çaklamak üçin birnäçe wagt gerekdigini belleýär.

Ýöne gorkulan ýagdaý hakyky bolsa we bu asteroid Ýere gaçsa, netijesi beýle erbet bolmaz diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, «2023 DW» diýlip atlandyrylýan asteroid köp adamly şäheriň golaýyna gaçsa onda uly meseleleri döredip biler.

Belläp geçsek, 2013-nji ýylda Russiýanyň Çelýabinsk şäheriniň golaýyna «2023 DW» asteroidiniň ululygyndaky bir asteroid gaçdy we 1500 töweregi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. 

 

Gurban ÖWEZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.