logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Täze açyljak lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi şu ýyldan talyplary okuwa kabul eder!
  18.02.2023
2535
Täze açyljak lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi şu ýyldan talyplary okuwa kabul eder!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, saglygy goraýşy düýpli özgertmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan uly üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem Ahal welaýatyndaky kesel anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, «Ene mähri» merkezlerini we derman serişdelerini öndürýän kärhanalary işine ussat orta hünär bilimli işgärler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek, Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.