Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Täze asma elektrik geçirijisi
  28.10.2021
411
Täze asma elektrik geçirijisi

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ahal—Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly  asma elektrik geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Şu taryhy waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki  Derweze döwlet elektrik stansiýasynda bolan dabara energetika pudagynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Derweze Döwlet elektrik stansiýasyna ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny sanly ulgam arkaly egsilmez buýsanç we şatlyk duýgusy bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal—Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze  asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözleri we bu desganyň ähmiýeti barada aýdanlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Täze  asma elektrik geçirijisiniň merkezinden güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometrdir. Ol ýurdumyzyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň elektrik torlaryny baglanyşdyrmak bilen, sebitleriň içerki sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna,  şeýle-de daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň möçberiniň artmagyna tehniki mümkinçilikleri berýär. Galyberse-de, täze asma elektrik geçirijisi elektrik energiýany tygşytlamagyň hiliniň ýokarlanmagynda, howanyň islendik şertlerinde hem ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli amala aşyrylan Ahal-Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işine dolandyryş merkezinden gözegçilik amala aşyrylýar.