logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Täze çagalar bagy gurulýar
  14.04.2020
1134
Täze çagalar bagy gurulýar

      Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezi şäheri bolan Gökdepe şäherinde ýene bir täze, döwrebap çagalar bagy boý göterýär. Gurulýan çagalar bagy 320 orunlyk bolup, onuň gurluşyk işleri “Ajaýyp gurluşyk” hojalyk kärhanasy tarapyndan güýçli depginde alnyp barylýar. Bu çagalar bagynyň binasy öz gurluşykçylarymyz tarapyndan gurulýandygy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bina iki gatdan ybarat bolup, onda bagtyýar çagalarymyzyň 14 topara bölünip tälim terbiýe almaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulyp gurulýan bu ajaýyp bina, Gökdepe şäheriniň gözelligine gözellik goşar. Çagalar bagynyň gurluşygynda bilim basgançaklarynyň ilkinji ädimlerini ädýän körpejelere döwrebap bilim, milli ruhda terbiýe bermek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar. Çagalara başlangyç okuw, ýazuw endiklerini öwretmek, başlangyç hasap, aýdym-saz we bedenterbiýe ýaly sapaklary gyzykly guramak üçin hemme şertleri döretmek babatynda uly tagallalar edilýär. Bu döwrebap çagalar bagynda çagalara kiçilikden rus dili, iňlis dili ýaly daşary ýurt dilleriniň esasy başlangyç bilimlerini öwretmek hem meýilleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, çagalary mekdepde oňat taýýarlamakda uly hyzmat eder.