logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Täze döwrebap desgalar
  30.01.2022
596
Täze döwrebap desgalar

Ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe, Tejen, Bäherden etrap Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna içeri işler edaralarynyň, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekillerinden başga-da, ýaşuly nesliň wekilleri  we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Dabaralarda gutlag çykyşlary aýdylyp, awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze, döwrebap edara binalarynyň açylmagynyň ähmiýetini bellenildi. Aýdym-saz toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabaralaryň şowhunyny has-da belende göterip, bagtyýar ildeşlerimiziň şatlygyna goşalandyrdy.

Täze desgalarda ýeňil we ýük awtoulaglaryň hem-de tirkegleriniň tehniki taýdan guratlygyny barlamak üçin döredilen şertler aýratyn ünsi çekiji boldy. Olarda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil tehniki enjamlary,  ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylandyr.

Täze desgalaryň giň amatlyklary we mümkinçilikleri bilen tanyşan myhmanlar  Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda sürüjilere, bagtyýar ulus-ilimize şeýle ajaýyp binalary sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan  alkyşly sözlerini beýan etdiler.