Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze döwür täzeçil ugurlar bilen rowaçlanýar
  03.04.2023
585
Täze döwür täzeçil ugurlar bilen rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly kämil innowasion tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň, döredijilikli işleriň kemal tapýan şanly ýyly hökmünde her bir günümizi bagtyýarlyga besleýär. Durmuş-ykdysady, maglumat, ylmy, önümçilik, hususy pudak ýaly ugurlarda ýaşlara uly mümkinçilikleriň açylmagy nurana geljege badalgadyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyga, belent ynsanperwerlige daýanýan ýörelgelerinden gözbaş alýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny kepillendirmek möhüm meselesidir. Bu belent maksat hususy pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet tarapyndan telekeçilige berilýän ýeňillikleri geljekde-de dowam etdirmek, ýaşlaryň iş üpjünçiligini artdyrmak milli ykdysadyýeti, onuň eksport kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny berkitmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň ak bazarlaryny önümleriň islendik görnüşi, esasan-da, özümizde öndürilýän görnüşleri bilen doly üpjün etmek möhümdir. Milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi barha artdyrylýar, ýurdumyzyň senagat, önümçilik, durmuş ulgamlaryny batly depginler bilen ösdürmäge, ata Watanymyzyň tebigy serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly depgine eýe bolup, pudaklary toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligiň täze ugurlaryny, täzeçil usullaryny döretmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýola goýulýan innowasion tehnologiýalara daýanýan galyndysyz önümçilik zäherli gazlaryň artmagyny, howanyň hapalanmagyny çäklendirýär, döwletimiziň ekologik abadançylygyny amal etmäge, tebigaty aýawly saklamaga uly mümkinçilik berýär. Durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklarynyň batly depginde ýerine ýetirmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň örän wajyp ähmiýete eýedigi düşnüklidir. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak, täzeçil ugurlary ösdürmek we ýola goýmak häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruna öwrülýär. Umuman, eziz ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan möhüm başlangyçlaryň amal edilmegi we onuň durmuş-ykdysady ösüşe, täze döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has hem berkidilmegini üpjün edýär.

 

Arzuwgeldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.