logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Täze dünýä rekordy: Ýeriň orbitasynda 17 adam!
  01.06.2023
786
Täze dünýä rekordy: Ýeriň orbitasynda 17 adam!

Ýer ýüzi kosmos eýýamynda täze tapgyra gadam basdy. Indi hat-da orbitamyza hem syýahatçylyk başlandy. Netijede, kosmosda täze rekordlar hem goýlup başlandy. Soňky rekord şol bir wagtyň özünde orbitadaky adamlaryň sany üçin goýuldy. Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda 17 adam bar. 

Rekord 30-njy maýda «Axiom Space»-iň ikinji hususy kosmos uçuşy amala aşyrylandan soň goýuldy. Bir kosmonawt we 3 kosmos ýolagçysy «Crew Dragon» kosmos gämisi bilen äleme uçuryldy.

Halkara kosmos stansiýasynda döwlen rekord, şol bir wagtyň özünde Ýer orbitasyndaky iň köp adam hökmünde goýuldy. Bu rekord aslynda kosmos rekordy hem däl, sebäbi ýer ýüzünden 100 km beýiklige «kosmos» diýilýär.

Şol bir wagtyň özünde kosmosda iň köp adam bilen goýlan rekord 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda amala aşyryldy. Rekord «Blue Origin»-iň «NS-19» uçuşy netijesinde goýuldy. Ýagny 19 sany adam şol bir wagtda «Blue Origin’s New Shepard» kosmiki gämisi bilen 107 kilometr belentlige ýetdi we 10 minutlyk syýahat etdi.

 

Mekan SEÝIDOW, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.