logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Täze eýýamda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk pugtalanýar
  09.03.2023
962
Täze eýýamda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny düýpli özgertmek, bu ugurda bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmek we ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek hem-de bilimiň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak döwrüň derwaýyslygy.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her bir raýatymyz üçin hünär biliminiň elýeterliligi doly üpjün edilýär. Bilim ulgamyny kadalaşdyrmagyň we bu ugry döwlet işiniň baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmeginiň esasy sebäbi ylym we medeniýet bilen birlikde bilimiň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň örän möhüm şerti bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem döwletimizde ýaş nesilleriň bilime bolan höwesini artdyrmak üçin ähli zerur şertler, şol sanda kanuny kepillikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda häzirki döwürde uzak aralykdan okatmagyň, özara tejribe alyşmagyň usulyýeti amala aşyrylýar we degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açylmagy munuň aýdyň nyşanydyr. ÝUNESKO kafedralarynyň Bütindünýä Maksatnamasy 1991-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda ol 126 ýurtda 800-e golaý kafedrany özüne birleşdirýär. ÝUNESKO kafedralaryny açmagyň esasy maksady ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek we dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary açyldy we bu kafedralar ylym-bilim hem medeniýet babatda halkara derejesinde özara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly çäreleri öňe sürýärler. ÝUNESKO kafedralary dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy arabaglanyşygy üpjün edip, ýokary okuw mekdepleriniň özara tejribe alyşmaklaryna ýardam edýär. Türkmenistan Watanymyzda şeýle ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, halkara derejesindäki gatnaşyklary barha berkitmek boýunça ýola goýýan beýik başlangyçlary üçin Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! 

 

Hezret NURMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) 
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.