Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze eýýamyň bagt şäheri
  14.01.2023
818
Täze eýýamyň bagt şäheri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Arka­da­gy­myzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam eýleýän Arkadag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýurdumy­zyň ähli sebitlerini, şä­herdir oba­la­ry­ny, şä­her­çe­le­ri­ni, etraplardaky şä­her­le­ri we et­rap mer­kez­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len bag­­ly maksatnama­la­ýyn iş­ler göwünleri galkyndyrýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döwrebap edara ediş mer­ke­zi bolan Arkadag şäheri özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy bilen häzirki zaman şä­her­gur­lu­şyk maksatnamasynyň tä­ze sep­git­le­re ýet­ýän­di­gi­niň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan gur­lu­şyk­la­ryň bi­rin­ji tapgyryn­da je­mi 336 sa­ny des­ga­nyň, şol san­da hä­kim­li­giň eda­ra bi­na­sy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň, Ahal at­çy­lyk sir­ki­niň, Baý­dak sü­tü­ni­niň, «Ahal» mo­nu­men­ti­niň, Bagt köş­gü­niň, At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň, Ru­hy­ýet köş­gü­niň, ki­tap­ha­na­nyň, dra­ma te­at­ry­nyň, milli mu­ze­ýiň, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bi­na­la­ry­nyň we beý­le­ki mö­hüm des­ga­la­ryň bolmagy guwandyryjydyr. Arkadag şä­he­ri­niň ajaýyp dürli maksatly binalaryna merdana hal­ky­myzyň gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri­niň at­la­ry­nyň da­kyl­ma­gy her birimiziň kö­ňül buý­san­jy­ny goşalandyrdy. Merke­zi se­ýil­gäh­dä­ki be­lent sun­gat bi­na­sy­na döw­rü­mi­ziň gör­nük­li sy­ýa­sat­çy­sy, türkmeniň beýik Ogly Gah­ry­man Arkadagymyzyň ady­nyň da­ky­lyp, onuň «Arkadag Bi­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy Mähriban Arkadagymyzyň il bähbitli bitiren belent hyzmatlaryna goýulýan beýik sarpadan nyşandyr. Mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar top­lu­my­nyň ha­ta­ryn­da hä­zir­ki za­man kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­na de­giş­li döw­re­bap se­riş­de­ler zo­lak­la­ry­nyň, iki gat­ly ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň, ýol he­re­ke­ti­niň sta­tis­ti­ki ha­sa­bat­la­ry­ny elekt­ron ul­gam ar­ka­ly tab­şyr­ma­gyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my­nyň mer­kez­le­ri­ we se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­ bar. Bu «akylly» şäheriň milli arhitektura keşbinde, ondaky gurulýan desgalarynyň her birinde, bezeg aýratynlygynda Mähriban Arkadagymyzyň ýokary döredijilikli zähmetini görmek bolýar. Sebitde gurluşyklaryň döwrebap taslamasy dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlary, kämil innowasion tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Bu nusgalyk şäherde halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli amatly şertler göz öňünde tutulan. Şeýle giň möçberli taslamalary alyp barmaklygyň özi-de ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetinden, hemmetaraplaýyn ösenliginden habar berýär. 

 

Bäşim BÄŞOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.