logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy
  02.04.2024
817
Täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy

Ýakynda, ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň ilkinji görkezilişi boldy.


 

Ilkinji nobatda, täze filmiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilendigini aýtmak gerek. Şoňa görä-de, onuň ilkinji görkezilişiniň haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi gaznanyň alyp barýan köpugurly işleriniň gerimini has-da giňeldýändigini görkezýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen gaznanyň maksady ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek bilen birlikde, olarda Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.


 

«Kompozitor» atly filmiň mazmunyna pedagogiki pikirleriň ençemesiniň siňdirilendigini aýtmak bolar. Olaryň ilkinjisi terbiýe meselesi bilen bagly bolup, filmiň dowamynda ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde, jemgyýetde öz ýerini tapmagynda terbiýäniň, şeýle hem terbiýäni bermekde maşgalanyň orny beýan edilýär.


 

Täze filmiň dowamynda bir maşgaladan bolan üç nesliň şol bir ugurdan sungat ukybynyň bardygyna üns çekilýär. Filmde görkezilýän wakalaryň barşynda-da maşgalada saz sungaty bilen bagly hünär meňzeşligi nesilme-nesil dowam edýär. Bu pikirleriň pelsepewi jäheti hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Eger-de çagalaryň gyzyklanýan ugruna degişli gerekli zatlar bilen üpjün etseň, döredijilikli oýlap tapyşlar üçin höweslendirseň, ruhlandyrsaň, täze-täze we ajaýyp pikirler peýda bolar. Täze garaýyşlary, pikirleri oýlap tapmagy üçin oňa oňaýly daşky gurşaw döretmeli» diýen jümlelerde aýdyň şöhlelendirilýär.

 

Ýazgül ÇOWDURBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň 
talyby.