logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /TÄZE HASYL GAÝTADAN IŞLENILÝÄR
  30.09.2020
819
TÄZE HASYL GAÝTADAN IŞLENILÝÄR

     Ahal welaýatyň ähli çäklerinde pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Bu işe diňe bir köpmüňçi ýygymçylar däl-de, eýsem, pagta ýygyjy maşynlar hem “ak altynly” atyzlarda saz we bökdençsiz işledilýär. Ýyl boýy daýhan yhlasy siňdirilip kemala getirilen hasyly Watan harmanyna tabşyrmak, pagtaçynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Muňa Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän Altyn asyr tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmenleri hem diýseň oňat düşünýärler. Bu kärhana ýylyň dowamynda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Ol ýerde pagtanyň görnüşleri bolsa “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “Ýolöten-19” we “Ýolöten-7” orta süýmli görnüşleri taýýarlanylýar. Dünýä ülňelerine laýyk gelýän gurallar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň hiline hem aýratyn üns berilýär.

Şol bir wagtyň özünde welaýatynyň gündogar sebit etraplaryndan Sarahs, Kaka we Tejen etraplaryndan getirlen “ak altyndan” tohumlyk pagta çigidini taýýarlamakda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bu kärhana boýunça pagta süýmini dokma senagat kärhanalaryna hem ugradylýar. Tohumlyk pagta çigidi bolsa welaýatyň ähli etraplarynyň pagtaçy kärendeçileriniň ýörite buýrmalary esasynda taýýarlanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanasynda ýerini ýetirilýän ak altynyň möçberleri gün saýyn artyp gaýtadan işlenilýär.