logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Täze hasylyň düýbi tutulýar
  18.04.2021
718
Täze hasylyň düýbi tutulýar

      Bahar pasly özüniň gözelligi, ajaýyp iş aladalary bilen geldi. Ynha, bu günki-gün Tejen etrabynyň çäginde gowaça ekilişi guramaçylykly alnyp barylýar. Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda 34 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 65 müň 700 tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

      Şeýle hem etrabyň çäginde gowaça ekilýän ekin meýdanlarda öň synagdan geçen “Jeýhun”, “Ýolöten – 14” we “Ýolöten – 39”görnüşleri köpräk ekmeklik meýilleşdirilýär. Şu günki günde gowaçanyň bu görnüşlerinden taýýarlanan tohum bilen doly üpjün edildi. Bu işde işleriň sazlaşykly guralmagy üçin ýörite toparlar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edildi. Umuman bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly esasyny tutýan ýer işleriniň bökdençsiz depginini üpjün  etmäge mümkinçilik berer.

Gowaça ekişinde howanyň amatly şertlerinden daýhan netijeli peýdanlanmaga çalyşýar. Kärendeçiler iş üstünde durup, etrap häkimliginiň bu işe dahylly tejribeli hünärmenleri bilen sazlaşykly işlerini alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalary hem bu işe özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Önümçiligiň öňde baryjylaryna- kärendeçilere, sürüji mehaniklara 10 günligiň guwandyryjy görkezijileri üçin iş üstünde gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaklygy meýilnamalaryna girizdiler.