logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  05.10.2022
800
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynyň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Döwlet elektrik stansiýanyň işçi-hünärmenleriniň arasynda geçirilen dabarany Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa açdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Olarda milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny açyp görkezýän täze kitabyň ähmiýeti hakda täsirli gürrüň edildi.